Nepalda ýene-de güýçli ýer titreme boldy

Nepalde soňky 20 günüň dowamynda ikinji uly ýer titreme 7,3 bal ululygynda boldy

271883
Nepalda ýene-de güýçli ýer titreme boldy

Nepalda şu gün bolan ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 37 adam ýogaldy, 1 müň 100-e golaý adam ýaralandy.

Hindistanyň Bihar welaýatynda-da ýer titreme sebäpli 17 adam ýogaldy.

Ýer titremäniň güýç merkeziniň Nepalyň Hytaý serhediniň golaýyndaky Namçe Pazar obasydygy mälim edildi.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-barlag merkezi ýer titremaniň ýeriş 19 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Çautara sebitinde güýçli ýagdaýda bildiren ýer titreme paýtagt Katmanduda-da bildirdi.

Ýurduň ýeke täk halkara howa menzili uçar gatnawlary üçin ýapyldy.

Nepalda 25-nji aprelde-de 7,8 bal ululygynda ýer titräpdi. Tebigy heläkçilikde 8 müňe golaý adam ýogaldy, 17 müň 800 adam ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar