Jon Kerri Somalyda sapar boldy

Prezident Mahmud sapary sebäpli Jon Kerrä minnetdarlygyny bildirdi

263563
Jon Kerri Somalyda sapar boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Somalyda sapar boldy.
Kerri Somala baran ABŞ-nyň ilkinji Döwlet sekretary hökmünde taryhda ýer aldy.
Jon Kerri howa menzilinde Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Mahmud tarapyndan garşylandy.
Prezident Mahmud sapary sebäpli Jon Kerrä minnetdarlygyny bildirdi
Howpsyzlyk sebäpli Kerriniň sapary barada Somalili ýolbaşçylara hem düýn habar berildi.
Jon Kerri birnäçe sagat dowam eden saparynyň çäginde terror guramasy Aş Şebaba garşy göreş barada pikir alyşdy.
Terror guramasy Aş Şebab soňky gezek geçen aý Kerriniň Keniýa guran saparynyň çäginde baran Garissa uniwersitetine hüjüm gurapdy, hüjümde esasy bölegi talyplardan ybarat 147 adam ýogalypdy.
Jon Kerri Somalili bosgunlary kabul eden Keniýa 100 million dollarlyk kömek berjekdiklerini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar