Baltimorede köçä çykmak gadagançylygy bes edildi

Garaýagyz ýetginjegiň göz tussaglygynda mahaly ýogalmagyndan soň köçä çykmak gadagan edilipdi

260331
Baltimorede köçä çykmak gadagançylygy bes edildi

ABŞ-nyň Baltimore şäherinde garaýagyz ýetginjek Fredi Greýiň göz tussaglygynda mahaly ýogalmagyndan soň başlan ýörişler sebäpli goýlan köçä çykmak gadagançylygy bes edildi.
Greýiň geçen hepde duşenbe güni jaýlanmagyndan soň şäherde başdan geçirlen wakalar sebäpli sişenbe gününden başlap agşam 22-den ir sagat 5-e çenli köçä çykmak gadagan edilipdi.
Şäher häkimi Rawlings Blake mesele barasynda beren beýanatynda köça çykmak gadagançylygynyň uzak wagt dowam etmegini islemeýändigini aýtdy.
Şäherdäki wakalar sebäpli goňşy ştatlardan we şäherlerden goşmaça harby toparlar ornaşdyrlypdy, şol toparlaryň hem birnäçe günüň dowamynda şäherden gaýtmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar