ÝB-niň liderleri Poroşenko bilen duşuşdy

ÝB-niň Ukraina berjek maliýe kömegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

252165
ÝB-niň liderleri Poroşenko bilen duşuşdy

ÝB-niň liderleri Ukrainanyň ozalky Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň 2013-nji ýylda agdarylmagyndan soň ilkinji gezek geçirlen ÝB-Ukraina maslahatynyň çäginde täze lider Poroşenko bilen duşuşdy.
Maslahata gatnaşmak üçin Ukraina giden Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ýan Klaude Ýanker 17-nji maslahatyň öňüsyrasynda Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşdy.
ÝB-Ukraina maslahatynda ÝB-niň Ukraina berjek maliýe kömegi, Russiýa garşy Ukraina beriljek goldaw we Latwiýada geçiriljek Gündogar hyzmatdaşlygy maslahaty üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar