Kerri bilen Zarif BMG-nyň Baş Asambleýasynda çykyş etdi

Zarif ýadro ýaragyna eýe bolan ýurtlary harby ammarlaryny döwrebaplaşdyrmakdan ýüz öwürmäge çagyrdy

252892
Kerri bilen Zarif BMG-nyň Baş Asambleýasynda çykyş etdi

Ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy şertnamasynyň ýyllyk gözden geçirme konferensiýasy Nýu Ýorkda geçirildi
Konferensiýanyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif BMG-nyň Baş Asambleýasynda çykyş etdi.
Kerri Eýran bilen geçirilýän ýadro gepleşiklerinde käbir meseleleriň çözülip bilinmändigini emma yzygiderli ylalaşyk gazanylmagy üçin uly öňe gidişligiň edilendigini aýtdy.
ABŞ-nyň we Russiýanyň dünýädäki ýadro ýaragynyň 90 göteriminden gowragyna eýedigine ünsi çeken Kerri emma resmi Waşingtonyň ýadro ýarag ätiýajynyň mukdarynyň aşakdylmagy üçin tagalla edýändigini nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif hem ýadro ýaragyna eýe bolan ýurtlary harby ammarlaryny döwrebaplaşdyrmakdan ýüz öwürmäge çagyrdy.
Zarif Ýakyn Gündogarda köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan saplanmyş sebitiň döredilmegi üçin Russiýanyň, ABŞ-nyň we Britaniýanyň tagalla etmelidigini ýatlatdy.
Konferensiýada soň Kerri bilen Zarif özara duşuşyk geçirdi.
Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşyk barada maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar