Kerri-Zarif duşuşygy

Jon Kerri şu gün Muhammed Jewad Zarif bilen duşuşar

251537
Kerri-Zarif duşuşygy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri şu gün Nýu Ýorkda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif bilen duşuşar.
BMG tarapyndan geçiriljek Ýadro ýaragsyzlanma konferensiýasyna gatnaşmak üçin Nýu Ýorka giden Jon Kerri bilen Jewad Zarif ýadro gepleşikleri hakynda pikir alyşar.
Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza 5 ýurt bilen Germaniýanyň arasynda 2-nji aprelde Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde gazanylan ylalaşykdan soň 1-nji iýula çenli gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada karar kabul edilipdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kerriniň Nýu Ýorkda İordaniýanyň we Müsüriň Daşary işler ministrleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar