Siriýada barrel bombaly hüjüm

Hüjümde 30 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy

250251
Siriýada barrel bombaly hüjüm

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Jisr aş-Şugur etrabynda barrel bombasy bilen guran hüjüminde aralarynda zenan we çaga bolan 30 adam ýogaldy.

Siriýaly oppozisionerler tarapyndan berilen beýanata görä barrel bombasy bilen guralan hüjümde onlarça adam ýaralandy.

Beýanatda Asada tabynlykdaky güýçleriň himiki ýarag ulanandygy hem aýdylýar.

Idlibiň günbatarynda ýerleşýän strategik ähmiýete eýe bolan Jisr aş-Şugur etraby aldym-berdimli çaknyşyklardan soň oppozisionerleriň gözegçiligi astyna geçipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar