Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş dowam edýär

Häzire çenli terror guramasyna degişli 5780-den gowrak nyşana ýok edildi

244339
Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş dowam edýär

Yrakda we Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş dowam edýär.
Hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar Yrakda we Siriýada terror guramasy DAIŞ-e degişli ýerlere 8 aýda 3200 howa hüjümini gurady.
Howa hüjümleriniň çäginde häzire çenli terror guramasyna degişli 5780-den gowrak nyşana ýok edildi.
Howa hüjümlerinde şeýle hem DAIŞ Yrakda gözegçiligi astyndaky ýerleriň 25-30 göterimini ýitirdi.
Yragyň ýaragly güýçleri birnäçe ýeri yzyna almagy başardy.
Siriýada bolsa içerki baş-başdaklyk dowam edýär we Prezident Başar Asad ýurtda DAIŞ-iň hüjümlerine goldaw berilýändigi barada öňe sürülýän garaýyşlary kabul etmedi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar