Yrakda terrorçylykly hüjüm guraldy

Hüjümlerde 2-si türk 43 adam ýogaldy

240296
Yrakda terrorçylykly hüjüm guraldy

Yragyň paýtagty Bagdatda we Erbil şäherinde terrorçylykly hüjüm guraldy.
Hüjümlerde 2-si türk 43 adam ýogaldy.
Eril şäherinde guralan hüjümde ABŞ-nyň Baş konsullygy nyşana alyndy.
Bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 2-si türk 3 adam ýogaldy, 5-i türk 10 adam hem ýaralandy.
Paýtagt Bagadtda guralan 5 bombaly hüjümde bolsa azyndan 40 adam ýogaldy, 100-den gowrak adam ýaralandy.
Hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üsüne aldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar