Gresiýa Russiýa we Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

ÝB bilen maliýe meselesinde düşnüşip bilmeýän Gresiýa Russiýa we Hytaý bilen ýakynlaşyp, “ýeke däldigini” görkezmek isleýär

237960
Gresiýa Russiýa we Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Premýer ministr Çiprasyň geçen hepde Russiýa guran saparyndan soň grek Goranmak ministri Panos Kammenos Moskwa bilen bolan gatnaşyklarda aýgytly ädim ätdi.
Russiýanyň “RİA Nowosti” habarlar gullugyna beýanat beren Panos Kammenos Russiýadan täze S-300 raketalaryny we başga ýaraglary aljakdyklaryny aýtdy.
Gresiýa uzak menzilli rus S-300 howa goranyş ulgamyna eýe bolan NATO agza ýeke-täk ýurt.
Kamennos “Russiýadan alan ýarag ulgamlarynyň abatlaýyş işlerini ýola goýjakdyklaryny, täze aluwlaryň enjamlar we ok-däri bilen çäkli boljakdygyny” aýtdy.
Gresiýa ilkinji gezek 2013-nji ýylda howa goranyş ulgamyny üstünlik bilen synagdan geçiripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar