Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Ukrainanyň gündogaryndan çaknyşyk habarlary gelip gowuşýar

236133
Ukraina dartgynly bolmagynda galýar

Harby goşunyň metbugat geňeşçisinin beren beýanatyna laýyklykda soňky 24 sagadyn dowamynda Ukrainada bir esger ýogaldy, 2 esger ýaralandy
Gündogar etraplarynda durnuksyzlygyn dowam edýändigini nygtan geňeşçi Russiýanyň tarapdarlarynyň ýarag we roketalara birikdirilen granatlary ulanýandyklaryny aýtdy.
Sişenbe güni berilen beýanatda Donetskde 2 gezek edilen minemýot hüjüminiň netijesinde 6 esgeriň ýogalandygy we 12 esgeriň ýaralanandygy habar berilipdi.
Beýleki tarapdan NATO-nyň Ýewropa Hyzmatdaşlyk Güýçleriniň serkerdesi Filip Biridlaw Ukrainadaky dartgynlykdan Russiýanyň jogapkärdigini beýan etdi.
Twitter arkaly garaýyş beýan eden Biridlow “çaknyşyklara meçew berýän Russiýa” diýdi.

Hüjümleriň bes edilmegi meselesi bolsa Germaniýanyň paýtagty Berlinde ara alynyp maslahatlaşyldy.
Fransiýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri nemes kärdeşleri Frank Walter Steinmeiriň ýer eýeçiliginde duşuşyp, fewral aýynda gazanylan Minsk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi hem-de Ukrainada ylalaşyga hemaýat edilmegi barada pikir alyşdylar.
Ministrler Ukrainanyň gündogarynyň agyr ýaraglardan saplanmagynyň we tanklaryň çykarylmagynyň çaltlandyryljakdygyny beýan etdiler.
Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Steinmeir Russiýanyň we Ukrainanyň front liniýalaryndan ýaraglaryň çekilmegi barasynda ylalaşandyklaryny habar berdi.
Steinmeir Minisk ylalaşygyndan başga alternatiwin bolmandygyny hem nygtady.
Beýleki tarapdan Kanadanyň hökümeti 200 esgerini Ukraina ugratjakdygyny mälim etdi.
Ugradyljak esgerler tälim, türgenleşik işleri bilen gyzyklanar we Ukrainada Amerikan esgerleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar