Malaýziýada dik uçar heläkçiligi

Malaýziýada ýolagçy dik uçarynyň ýere gaçmagy sebäpli 6 adam ýogaldy

226630
Malaýziýada dik uçar heläkçiligi

Kuantan şäherinden ýola çykan we içinde 6 ýolagçysy bolan dik uçar Semenýih şäheriniň golaýynda ýere gaçdy.

Heläkçilikde ýogalanlaryň arasynda 2009-2012-nji ýyllaryň aralygynda Malaýziýanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçi wezipesinde işlän deputat Jamuliddin Jarjis hem bar.

Dik uçardakylar Malaýziýanyň Premýer ministri Najip Razakyň gyzynyň toýundan gelýärdiler.

Waka bilen baglanşykly derňew iş gozgaldy

Malaýziýanyň Premýer ministri Najip Razak heläkçilik bilen baglanşykly geçiren metbugat işgärleriniň ýygnagynda örän gynanýandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar