BMG himiki ýarag çagyryşyny berdi

Siriýada soňky döwürde himiki ýarag ulanylandygy barada öňe sürülýän garaýyşlaryň barlanmagy çagyryşy berildi

224065
BMG himiki ýarag çagyryşyny berdi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Siriýada soňky döwürde himiki ýarag ulanylandygy barada öňe sürülýän garaýyşlaryň barlanmagy üçin Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasyna çagyryş berdi.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň başlygy Dina Kawar BMG-nyň Ýaragsyzlanma işleri boýunça ýörite wekili Angela Kaneiň geňeşiň agzalaryna maglumat bermeginden soň beren beýanatynda “birnäçe agzanyň” siriýaly oppozisionerleriň soňky hepdelerde Siriýanyň hökümetine degişli dik uçarlardan ýurduň demirgazygynda ýerleşýän İdlib şäherinde hlor gazyny öz içine alýan bombaly hüjüm gurandygy hakyndaky habarlaryna alada bildirýändigini nygtady.
Kaýar şol garaýyşlaryň Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasy tarapyndan barlanmagyny isledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar