BMG Yrak meselesinde duýduryş berdi

Mun Yrakda messep söweşine garşy duýduryş berdi

222854
BMG Yrak meselesinde duýduryş berdi

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun Eýrana we sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlara Yrakda messep söweşine garşy duýduryş berdi.
Kuweýtde saparda bolan Pan Gi Mun Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Hüseýin Emir Abrullahiýan bilen bolan duşuşygynda Yrakda messep söweşiniň ýüze çykmagyny islemeýändigini aýtdy.
Pan Gi Mun Eýranyň we sebitdäki beýleki ýurtlaryň Yrakda messep söweşiniň ýüze çykmagynyň öňüni almak jogapkärçiliginiň bardygyny nygtady.
Pan Gi Mun Eýrandan milli ylalaşyk üçin Yragyň hökümetine goldaw bermegini isledi.
Beýleki tarapdan BMG Yrakdaky çaknyşyklarda we terrorçylykly hüjümlerde mart aýynda 997 adamyň ýogalandygyny, 2172 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar