2014-nji ýylda berlen ölüm jezalary...

Hytaýda her ýyl müňlerçe adama ölüm jezasy berilýär

220056
2014-nji ýylda berlen ölüm jezalary...

Halkara Günä geçişlik guramasy 2014-nji ýylda berlen ölüm jezalary baradaky görkezijileri beýan etdi.
2014-nji ýylda iň köp ölüm jezasyny beren ýurtlar Hytaý, Eýran we Saud Arabystany boldy.
Habarnamada Hytaýyň ölüm jezalary barada doly maglumat bermeýändigi sebäpli Hytaýda ölüm jezasy berlenleriň sanynyň anyklanmagynyň kyndygy nygtaldy.
Habarnamada Hytaýda her ýyl müňlerçe adamyň asylyp öldürilýändigi ýatladyldy.
Hytaýyň esasan hem uýgurlara ölüm jezasyny berýändigi bellenildi.
Hytaýdan soň 2014-nji ýylda Eýranda 289, Saud Arabystanynda 90 we Yrakda hem 61 adama ölüm jezasynyň berlendigi nygtaldy.
Habarnamada ABŞ-da bolsa 35 adama ölüm jezasynyň berlendigine üns çekildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar