Pawlopulos ilkinji saparyny Kipriň günorta bölegine gurady

Pawlopulos Gresiýanyň Kipr meselesiniň çözülmegi üçin BMG-nyň kararlarynyň çäginde geçirilýän gepleşiklere goldaw berýändigini aýtdy

288373
Pawlopulos ilkinji saparyny Kipriň günorta bölegine gurady

Pawlopulos Gresiýanyň Prezidenti hökmünde ilkinji daşary ýurt saparyny Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisiň çakylygyna laýyklykda Kipriň grek bölegine gurady.
Prezident Pawlopulos Larnaka şäheriniň howa menzilinde Kipriň grek böleginiň Daşary işler ministri Ýannis Kasulidis tarapyndan garşylandy.
Pawlopulos saparynyň çäginde ilki Kipriň grek böleginiň lideri Anastasiadis bilen duşuşdy.
Özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat beren Pawlopulos Gresiýanyň Kipr meselesiniň çözülmegi üçin BMG-nyň kararlarynyň çäginde geçirilýän gepleşiklere goldaw berýändigini aýtdy.
Pawlopulos Kipr meselesiniň BMG-nyň kararlaryna, halkara hukuk kadalaryna we Ýewropanyň düzgünnamalaryna laýyklykda çözülmelidigini aýtdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar