"ÝB gerek bolan halatynda goşmaça kararlary kabul eder"

ÝB Brýusseldäki maslahatynda Russiýa ykdysady sanksiýalar barasynda pikir alyşdy

273125
"ÝB gerek bolan halatynda goşmaça kararlary kabul eder"

Bileleşigiň liderleri sanksiýalaryň Minsk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegine bagly bolmagy barasynda ylalaşdylar.
ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk maslahatyň birinji günündäki mejlisinden soň beren beýanatynda Russiýa garşy iýul aýynda möhleti gutarýan ykdysady sanksiýalaryň ýylyň ahyryna çenli uzaldyljakdygyny aýtdy.
Tusk, gerek bolan halatynda ÝB-niň Russiýa garşy goşmaça çäklendirmeleri getirip biljekdigini hem nygtady.
Ýewropaly liderler maslahatda energetika bileleşiginiň döredilmegi barasynda-da ylalaşdylar.
Donald Tusk ýewrpaly firmalarynyň bilelikde gaz satyn alyp bilmekleri üçin taýarlyklar başlanjakdygyny, energiýanyň hödürlenmeginde we daşalmagynda pozisiýasy güýçlenýän ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlyk etmäge synanşjakdyklaryny nygtady.
Russiýa bilen gazanylan, käbirleri 20 ýyldan hem uzak möhletli bolan gaz ylalaşyklarynyň “ýerliksizdigini” hem aýdan Tusk, şeýle ylalaşyklaryň syýasy güýç hökmünde peýdalanylmaly däldigini beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar