398 bosgun halas edildi

Ortaýer deňizinde Italiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy 398 bosguny halas etdi

273694
398 bosgun halas edildi

Bikanun ýollar bilen Ýewropa geçmek islän bosgunlar Sisiliýanyň Kataniýa şäherine alnyp gidildi.

BMG-nyň bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy şu ýyl Italiýa gelen bosgunlaryň sanynyň geçen ýy bilen deňeşdirilende artandygyny beýan etdi.

Ýanwar aýyndan bäri 7 müň 882 bosgun halas edildi.

Afrika we Ýakyn Gündogardaky meseleler sebäpli bikanun ýollar bilen Ýewropa geçmek isleýän bosgunlaryň sany 43 göterim artdy.

Geçen ýyl 3 müň 500 töwerek bosgun ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar