YSYS-yň hataryna goşulmak islän 3 iňlis tussag edildi

3 iňlis raýaty Sabiha Gökçen howa menzilinde tussag edildi

265692
YSYS-yň hataryna goşulmak islän 3 iňlis tussag edildi

Terror guramasy YSYS-yň hataryna goşulmak islän 3 iňlis tussag edildi.
Terror guramasy YSYS-yň hataryna goşulmak üçin Türkiýäniň üsti bilen Siriýa geçmäge çalşandyklary öňe sürlen 3 iňlis Stambulda tussag edildi.
Türkiýeli ýolbaşçylar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan Londonyň polisiýasy Stambulyň Atatürk we Sabiha Gökçen howa menzillerine iňlis ýetginjekleriň atlaryny berdi.
Dereksiz ýitendikleri sebäpli gözlenýän 3 iňlis raýaty Türkiýeli we Britaniýaly ýolbaşçylaryň eden tagallalary netijesinde Sabiha Gökçen howa menzilinde tussag edildi.
Howa menzilinde tussag edilen 3 iňlis deport edilip Londona yzyna ugradyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar