Owganystanda YSYS-a garşy operasiýa guraldy

Owganystanyň ýaragly güýçleri terror guramasy YSYS-a garşy operasiýa gurady

266595
Owganystanda YSYS-a garşy operasiýa guraldy

Owganystanyň ýaragly güýçleri ýurduň günortasyndaky Helmand şäherinde terror guramasy YSYS-yň ýerlerine oparasiýa gurady.

Goranmak ministrliginiň beren ýazmaça beýanatynda, Sangin etrabynyň Mulazoý sebitine guralan harby operasiýada terror guramasy YSYS-yň

Helmand sebitinden jogapkär ýolbaşçysy Hafyz Wahidi we 9 terrorçynyň öldürilendigi habar berildi.

Beýanatda 6 terrorçynyň ýaralanandygyny, terror guramanyň ýaraglarynyň we ok-därileriniň ele salynandygy aýdylýar.

Terror guramasy YSYS soňky aýlarda Talibanly başbozarlaryň gurama goşulşmagy sebäpli Owganystanyň käbir sebitlerinde güýçlendi.

YSYS-yň ençeme ýyllap söweşiň dowam edýän ýeri bolan Owganystanda güýçlenmeginden we parahtçylyk üçin edilýän tagallalaryň puja çykmagyna alada bildirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar