Norwegiýa Ermenistanyň çakylygyny kabul etmedi

"Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklar diýseň möhüm"

265246
Norwegiýa Ermenistanyň çakylygyny kabul etmedi

Norwegiýanyň Premýer ministri Erna Solberg 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň 100-njy ýyly mynasibetli Ermenistanda geçiriljek çärelere gatnaşmajakdygyny aýtdy.
Ermenistanyň Prezidenti Serž Sarkisýanyň çakylygyny kabul etmedik Solberg, özleri bilen Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň diýseň möhümdigini belledi.
Solberg “Bu meselede Türkiýe birnäçe gezek arhiwleriň açylmagy we meseläniň taryhçylar tarapyndan seljerilmegini teklip etdi, emma Ermenistan asla teklibi kabul etmedi. Meniň pikirimçe mesele bilen diňe taryhçylar gyzyklanmaly syýasatçylar däl” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar