Maldiwleriň ozalky Prezidenti 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Naşid ýurduň demokratiýa arkaly saýlanan ilkinji prezidenti bolupdy

263535
Maldiwleriň ozalky Prezidenti 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Maldiwleriň ozalky Prezidenti Muhamed Naşid 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Muhammed Naşid hakynda 3 ýyl ozal tanymal sudýalardan biriniň göz astyna alynmagy barada beren görkezmesi sebäpli kaziýet işi gozgalypdy.
Ozalky Prezidentiň aklawçylary kaziýet diňlenşiginiň ortasynda özlerine söz sözlemek hukugynyň berilmändigi sebäpli diňlenşik gutarmanka zaly terk etdiler.
Naşid 2008-nji ýylda geçirlen saýlawlarda 30 ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Mamun Abdül Gaýýumdan üstün çykyp ýurduň demokratiýa arkaly saýlanan ilkinji prezidenti bolupdy.
Ozalky liderleriň tarapdarlary bolsa 2018-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda Naşidiň gatnaşmazlygy üçin oňa töhmet atylýandygyny nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar