Awstriýada "Yslam kanuny" tassyklandy

Awstriýadaky jedelli “Yslam kanuny” Federal geňeş tarapyndan tassyklandy

261580
Awstriýada "Yslam kanuny" tassyklandy

25-nji fewralda Milli Mejlisde kabul edilen “Yslam kanunyna” düýn Mejlisiň Federal geňeşinde garaldy.
Aşa sagçy Awastriýa Azatlyk Partiýasynyň wekilleri kanunyň ýeterlik däldigini öňe sürüp, Milli Mejlise ýaňadandan garamak üçin ugradylmagyny isledi.
Partiýanyň halk deputatlary yslamyň Awstriýa degişli däldigini, Ýewropanyň gymmatlyklaryna bap gelmeýändigini we kanunyň radikallaşmagyň öňüni alyp bilmejekdigini öňe sürdi.
Koalision hökümetini emele getirýän Awstriýanyň Sosial demokrat partiýasy bilen Awstriýanyň Halk partiýasynyň halk deputatlary bolsa kanunyň musulmanlara käbir hukuklary we borçlary getirýändigini beýan etdiler.
Kanun çykyşlardan soň geçirilen sese goýulşykda sesleriň köplügi bilen tassyklandy. “Yslam kanuny” Prezidentiň garamagyna hödürlenenden soň resmi gazetde çap edilip, güýje girer.
Musulmanlaryň dini erkinliklerine täsir ýetirýän maddalary bolan kanun: “Musulmanlara bolan umumy şübhelilik, daşary ýurtdan gelen ymamlaryň öňüniň alynmagy, Ministrler kabinetiniň dini jemagatlaryň ykrar edilmeginde we dargadylmagynda ygtyýarly bolmagy, ymamlaryň uniwersitetlerde taýarlanmagy, metjitleriň kanuny şahsyýete eýe bolmaga mejbur edilmegi, dini çäreleriň howpsyzlyk sebäpli bes edilmegi, Yslam jemagatyndan birugsat metjit açmak we ymamlaryň bellenilip bilinmezligi” taýdan tankyt edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar