Gün energiýasy bilen işleýän uçar dünýä saparyna başlady

Uçaryň dünýä saparyny 5 aýda tamamlamagy göz öňünde tutulýar

255368
Gün energiýasy bilen işleýän uçar dünýä saparyna başlady

Gün energiýasy bilen işleýän Di Solar İmpals atly uçar sunag uçuşlaryndan soň dünýä saparyna başlady.
Uçar Abi Dabiden şu gün irden sagat 07.12-de uçdy.
Uçaryň dünýä saparyny üstünlikli ýagdaýda tamamlamagy, gaýtadan işlenip bilinýän energiýa çeşmelerinden ýerlikli peýdalanylmagy taýdan möhüm synag aýratynlygyna eýe.
Sap energeriýa şygary bilen ýola çykan uçaryň taslamasy 13 ýylda tamamlandy.
Uçary 63 ýaşyndaky Şweýsariýaly uçarman Andre Borşberg ulanar, Şwedsiýaly uçarman Bertrand Pikart hem ýoldaşlyk eder.
Gün energiýasy bilen işleýän uçaryň dünýä saparyny 5 aýda tamamlamagy göz öňünde tutulýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar