Wengriýada Putine garşy ýöriş guraldy

Putine garşy guralan ýörişe 2 müň adam gatnaşdy

220697
Wengriýada Putine garşy ýöriş guraldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini garşylamaga taýarlanýan Wengriýada myhman lidere garşy ýöriş gurady.
Putine garşy guralan ýörişe 2 müň adam gatnaşdy.
“Russiýany däl, eýsem Ýewropany isleýäris” diýlen şygarlary göteren demonstrantlar, Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbany hem Ukraina krizisine garamazdan Putini çagyrandygy sebäpli tankyt etdiler.
Hökümetleriniň Ýewropanyň ýerine Russiýa bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini öňe süren demonstrantlar, Russiýa bilen Wengriýanyň arasynda ýadro energetikasy taýdan şertnama baglaşylmagyny islemeýär.
Emma muňa garamazdan Rus liderleriniň resmi saparynyň çäginde energetika meselesiniň seljerilmegine garaşylýar.
Syýasy synçylar rus lideriniň Wengriýa gurajak sapary bilen “Ukraina krizisine garamazdan ÝB-niň we NATO-nyň çäginde henizem dostlarynyň bardygyny görkezmek isleýändigine” ünsi çekýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar