Liderler telekonferensiýa arkaly gepleşik geçirdi

Merkel, Oland, Putin we Poroşenko telekonferensiýa arkaly gepleşik geçirdi

219621
Liderler telekonferensiýa arkaly gepleşik geçirdi

Germaniýanyň Fedral Kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko telekonferensiýa arkaly ylalaşyk barada pikir alyşdy.
Liderler Debaltsewoda dowam edýän çaknyşyklara alada bildirýändigini beýan etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem mesele barada Merkel we Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
BMG-nyň Baş sekretary Pn Gi Mun hem taraplardan ylalaşyga laýyk hereket etmeklerini isledi.
Belarusyň paýtagty Minksde Russiýanyň, Germaniýanyň, Ukrainanyň we Fransiýanyň liderleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda Ukrainanyň gündogarynda 15-nji fewraldan başlap ot açyşlygyň bes edilmegi, agyr ýaraglaryň front liniýasyndan çekilmegi we ýesir çalşygy barada ylalaşyk gazanylypdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar