Karter ABŞ-nyň täze Goranmak ministri boldy

Karter 2011-2013-nji ýyllaryň aralygynda Goranmak ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiripdi

217844
Karter ABŞ-nyň täze Goranmak ministri boldy

 Karteriň Goranmak ministriligine bellenmegi baradaky karar Amerikan senadynda 5-e garşy 98 ses bilen kabul edildi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama dekabr aýynda Goranmak ministri Heýgeliň wezipesinden çekilmegi sebäpli Karteri dalaşgärlige hödürläpdi.
Karter 2011-2013-nji ýyllaryň aralygynda Goranmak ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiripdi.
Hem Obama hem-de ozalky Prezident Bill Klinton döwürlerinde Pentagnda dürli wezipelerde işlän Karter ozal alymlar hemde hususy pudagyň wekilleri bilen hem işleşdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar