YSYS bilen bolan çaknyşyklarda 6 adam ýogaldy

Yrakda geçen aý bolan çaknyşyklarda 1375 adam ýogaldy

207112
YSYS bilen bolan çaknyşyklarda 6 adam ýogaldy

Yragyň Samarra şäherinde YSYS terror guramasy bilen bolan çaknyşyklarda 6 adam ýogaldy, 28 adam ýaralandy.
Kerkük şäherinde YSYS tarapyndan ele geçirlen Habbaze nebit käni ýaňadandan kürt toparlaryň gözegçiligi astyna alyndy.
Terror guramasy tarapyndan nebit käninde zamun alynan 25 adam boşadyldy.
BMG-nyň Yraga ýardam missiýasy Yrakda geçen aý bolan çaknyşyklarda 1375 adamyň ýogalandygyny, 2240 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.
Awstriýanyň Daşary işler ministrligi 150 raýatynyň Yrakdaky we Siriýadaky terror guramalarynyň hataryna goşulandygyny mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar