Afrika Bileleşiginiň ýokary derejeli 24-nji maslahaty

Efiopiýanyň paýtagty Addis Abebada geçirilen maslahatyna gatnaşan liderler kontinentdäki terrorçylyga garşy göreş we düşnüşmezlikleriň çözülmegi barasynda ylalaşdylar

204952
Afrika Bileleşiginiň ýokary derejeli 24-nji maslahaty

Öz işini tamamlan ýokary derejeli maslahatyň 25-njisiniň geljek ýyl Günorta Afrika geçirilmegi barasynda karar kabul edildi.
“Terror”, “Liwiýa meselesi”, “Ebola epidemiýasyna garşy göreş” we “zenan hukuklary” ýaly mowzuklara garalan maslahatda, Ýakyn Gündogar meselesinde Palestina doly goldaw berildi.
Afrika Bileleşiginiň döwürleýin ýolbbaşçylygyny ýerine ýetirýän Zimbabweniň Prezidenti Robert Mugabe maslahatyň ahyrynda sözlän sözünde Marokko bilen Günbatar Sahara boýunça düşnüşmezligi başdan weçirýän Sahara Demokratik Arap Respublikasynyň arasyndaky meseläniň çözülmegi üçin çagyryş etdi.
Liderler derejesinde geçirilen maslahatda Türkiýä daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar