Kerri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ Mariupol şäherinde agyr ýaraglar bilen guralan hüjümi ýazgarýar

197416
Kerri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan berlen beýanata görä Kerri ABŞ-nyň Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän Mariupol şäherinde Russiýanyň tarapdarlarynyň agyr ýaraglar bilen guran hüjüminde birnäçe adamyň ýogalmagyny ýazgarýandygyny aýtdy.
Kerri gyssagly ýagdaýda ot açyşlygyň bes edilmegi barada ylalaşyk gazanylmalydygyny, agyr ýaraglaryň çekilmelidigini we serhetleriň ýapylmalydygyny belledi.
Dartgynlygyň gowşamagynyň hemmeler üçin bähbitligini aýdan Kerri resmi Waşingtonyň ylalaşyk tagallalaryna goşant goşmaga taýardygyny ýatlatdy.
Kerri Russiýa hüjümleri dowam etdiren halatynda jerimesiniň agyr boljakdygyny nygtady.
Kerri bilen Lawrow telefon söhbetdeşliginde şu gün Moskwada öz işine başlajak Siriýa konferensiýasy barada hem pikir alyşdy
Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän Mariupol şäheriniň Wostoçnoe etrabynda şenbe güni agyr ýaraglar bilen guralan hüjümde 30 adam ýogaldy, 103 adam hem ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar