Eýran palestinalylara ýarag kömegini berer

Eýranyň Palestinanyň Günbatar Şeria bölegini Ysraýylyň hüjümlerine garşy ýaraglandyrar

194246
Eýran palestinalylara ýarag kömegini berer

Eýranyň goranmak ministri Hüseýin Dehkan “Günbatar Şeriýany ýaraglandyrmak Eýranyň umumy harby syýasaty we biz onuň üçin ähli mümkinçiliklerimizden peýdalanarys” diýdi.
Ysraýylyň hüjüminde ýogalan Hizbullahyň agzalaryny hatyralamak üçin Tähranda geçirilen çärede çykyş eden Dehkan Ysraýylyň hüjümine wagty gelende degişli jogabyň beriljekdigini nygtap “Sionistleriň hüjümi garşylyksyz galmaz” diýdi.
Dehkan Eýrana garşy harby hüjüm hemleleri baradaky soraga “Eger amerikalylar batyr bolsa hüjüm etsinler” diýip jogap berdi.
Eýranyň dini lideri Aýatulla Ali Hamaneý bolsa noýabr aýynda eden çykyşynda “Ysrýyla garşy Günbatar Şeriýa hem Gaza ýaly ýaraglandyrylmaly we goraga taýar bolmaly” diýip, Günbatar Şeriýanyň ýaraglandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekipdi.
Eýranyň hökümeti palestinalylara ýarag kömegini berýändigini ilkinji gezek iýul aýynda beýan edipdi.
Resmi Tähran Siriýa hem kömegini dowam etdirer.
Eýranyň Baş ştabynyň başlygynyň orunbasary general İzedi ýurdunyň “Ysraýyla garşy howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin Siriýanyň hökümetine we halkyna berýän geňeşdarlyk kömegini” dowam etdirjekdigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar