Awstriýada terrora garşy jarnama çap edildi

“Söz azatlygy başga dini kemsitmek däldir”

184930
Awstriýada terrora garşy jarnama çap edildi

Awstriýanyň Prezidenti Haýnz Fişer düýn dini wekiller bilen duşuşdy.
Prezident Fişer duşuşykda Fransiýadaky terrorçylykly hüjümi ýazgarýandyklaryny we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýändiklerini nygtady.
Prezident Fişer ynsanlaryň keramatly ýerlerine sarpa goýmagyň kanuny jogapkärçilikdigini nygtady.
Fişer “Söz azatlygy başga dini kemsitmek däldir” diýip belledi.
Musulmanlaryň adyndan beýanat beren Awstiýanyň Yslam jemagatynyň başlygy Fuat Sanaç hem diniň terrorçy däldigini nygtady we “Terror adamzat jenaýatydyr we biziň ählimize zeper ýetirýär” diýip belledi.
Jarnamada terrorçylykly hüjümleriň öňüniň alynmagy üçin howpsyzlyk taýdan görüljek çäreler bilen birlikde bilim we utgaşyklyk syýasatlaryna hem ähmiýet berilmelidigi ýatladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar