"Yslam medeniýetine üns bermelidiris"

Wulff “Ýurdumyzda 4 million musulman ýaşaýar. Biz yslam medeniýetine we musulmanlara üns bermelidiris” diýip belledi

184035
 "Yslam medeniýetine üns bermelidiris"

Germaniýanyň ozalky Prezidentlerinden Wulff “Ýurdumyzda 4 million musulman ýaşaýar. Biz yslam medeniýetine we musulmanlara üns bermelidiris” diýip belledi.
Kristian Wulff halkara ynsanperwer kömek guramasy tarapyndan alnyp barylýan “Ýetimler nahary” kampaniýasynyň çäginde Baýjan we Merýem Warol maşgalasynyň myhmany boldy.
2010-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda aýdan “Yslam Germaniýa degişlidir” diýen sözüniň arkasynda durýandygyny nygtan Wulff “4 million musulmanyň ýaşaýan ýurdumyzda özara düşnüşmege uly mätäçlik bar. Jemgyýetimiziň asudalygy üçin birlikde hereket etmelidiris” diýdi.
Wulff Fransiýanyň Parižde karikatura žurnalyna guralan hüjümiň musulmanlary nähili ruhdan düşürýandigini görendiklerini ýatlatdy


Etiketkalar:

Degişli Habarlar