YSYS terror guramasy Yrakda 170 adamy zamun aldy

YSYS Yrakda we Siriýada guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

170233
YSYS terror guramasy Yrakda 170 adamy zamun aldy

YSYS terror guramasy Yrakda we Siriýada guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
YSYS terror guramasynyň Yragyň Kerkuk şäheriniň golaýyndaky iki obadan 170 adamy zamun alandygy habar berildi.
Ýerli ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä YSYS terror guramasynyň agzalary guramanyň baýdagynyň ýakylandygy sebäpli düýn agşam iki oba hüjüm gurady.
Terrorçylaryň 170 adamy zamun alandygy nygtaldy.
YSYS-yň zamun alynanlary Halwije etrabyna alyp gidendigi bellenildi.
YSYS terror guramasynyň Mosul, Diýala, Kerkuk we Selahaddin şäherlerinde şaýylar tarapyndan mukaddes hasaplanylýan 17 türbedi ýakandygy habar berildi.
Siriýada bolsa sünni taýpalara agza 13 adam YSYS terror guramasy tarapyndan öldürildi.
Gurama internet arkaly ýaýlyma beren wideo-ýazgysynda Siriýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edendigi sebäpli uly taýpalaryň agzalaryny öldürendikleri bellenildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar