BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň täze agzalary işe başlady

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşinde 2 ýyl möhlet bilen iş alyp barjak 5 agza düýn işe başlady

168644
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň täze agzalary işe başlady

BMG-nyň dolanşyk ulgamyna laýyklykda dünýäde parahatçylygy we howpsyzlygy üpjün etmekden jogapkär bolan 15 agzaly Geňeşiň wagtlaýyn 5 agzasy çalyşdy. İş möhleti 2014-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanan Awstraliýanyň, Lýuksemburgyň, Argentinanyň, Günorta Koreýanyň we Ruandanyň ýerine 2015-2016-njy ýyllaryň dowamynda iş alyp barmak üçin saýlanan Angolanyň, Täze Zelandiýanyň, İspaniýanyň, Malaýziýanyň we Wenezuellanyň wekilleri BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşinde iş alyp barar.
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşinde weto ygtyýaryna eýe bolan hemişelik 5 agza Britaniýa, ABŞ, Russiýa, Hytaý we Fransiýa bilen birlikde her ýyl 5 sanysy çalyşýan 10 wagtlaýyn agza iş alyp barýar. 2015-nji ýylyň ahyrynda iş möhleti tamamlanjak agzalar bolsa Çili, Çad, Litwa, İordaniýa we Nigeriýa.
Türkiýe 2015-2016-njy ýyllar üçin İspaniýanyň we Täze Zelandiýanyň degişli bolan toparynda däläşgärdi. Emma BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirilen saýlawda Täze Zelandiýa we İspaniýa üstün çykypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar