Terrorçylyga garşy Arap-yslam harby hyzmatdaşlygy döredilmeli

Şa Abdullah ýurdunda we goňşy ýurtlarda başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçdi

155239
Terrorçylyga garşy Arap-yslam harby hyzmatdaşlygy döredilmeli

İordan Şasy Abdullah “Terrorçylyga garşy göreş üçin Arap ýurtlarynyň arasynda harby hyzmatdaşlygyň döredilmelidigini” belledi.
Şa Abdullah ozalky premýer ministrler bilen bolan duşuşygynda ýurdunda we goňşy ýurtlarda başdan geçirilýän wakalar hakynda durup geçdi.
Şa Abdullah “Terrorçy toparlar Siriýa we Yrak bilen çäkli galmaz, beýleki arap we dünýä ýurtlaryna hem ýaramaz täsirini ýetirer” diýip belledi.
Abdullah “arap halklary terror meselesini ortadan aýyran halatynda Palestina meselesiniň başda durmagynda beýleki kynçylyklar bilen ýakyndan gyzyklanmaga pursat tapar”diýdi.
Şa Abdullah “Arap-Yslam ýurtlary şol çäkde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini terrorçylyga garşy göreş üçin yslam dininiň hoşniýetlilik, adalat we sagdyn pikirlilik ýörelgelerine esaslanan giň gerimli we strategik metodyň üstüne işlemeli”diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar