Yragyň paýtagty Bagdatda guralan bombaly hüjümde 4 adam ýogaldy

Bagdatda guralan iki hüjümde 15 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi

138999
Yragyň paýtagty Bagdatda guralan bombaly hüjümde 4 adam ýogaldy

Birinji hüjüm Bagdadyn günortasyndaky Mahmudiýe etrabynda uraldy.
Bombaly hüjümde 3 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy.
Paýtagaty esasy köçelerinden birinde ýolagçy ulaglaryndan birine goýulan bombanyň partlamagy sebäpli 1 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki halkara koalisiýasy howa operasiýalaryny dowam etdirýär.
Koalision güýçler Ramadinin gündogaryndaky As-Sejariýe we günbataryndaky Haýr al-Raşir, Al Ubeýdi we Al Kaim etraplaryna hüjüm gurady.
Bombardymanda 40 terrorçy öldürildi, 6 sany harby ulag hatardan çykaryldy.
YSYS-yň terrorçylary sebitde iş alyp barýan üç sany hökümet işgärini öldüripdi.
Terror guramasy Siriýanyň gündogarynda-da gan dökmäge dowam edýär.
Deýrezzor etrabynda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guran terrorçylaryň köp sanly adamy öldürendigi habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar