Ysraýylda irki saýlaw geçirlip bilner

Netanýahu bilen şäriklik hökümetiniň agzasy Ýeş Atid partiýasynyň lideri Maliýe ministri Lapidiň arasynda geçirlen gepleşikde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi

134745
Ysraýylda irki saýlaw geçirlip bilner


Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bilen şäriklik hökümetiniň agzasy Ýeş Atid partiýasynyň lideri Maliýe ministri Lapidiň arasynda geçirlen gepleşikde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.
Maliýe ministri Lapid Ysraýylyň Ýehudi döwleti hökmünde ykrar edilmegine we Goranmak ministrliginiň bujediniň ýokarlandyrylmagyna garşy berk tutum alyp barýar.
Netanýahunyň aşa tutum alyp barýandygyny aýdan Lapid, Gündogar İerusalymda we Günbatar Şeriada täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirmegini we Palestinalylar bilen parahatçylyk gepleşikleriniň saklanmagyny subutnama hökmünde görkezdi.
Netanýahu bolsa şäriklik hökümetiniň öz işini dowam etdirip bilmejekdigini aýtdy.
Ýurtda 2017-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirlen saýlawlaryň mart aýynda geçirlip bilinjekdigi nygtalýar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar