Ysraýylda irki saýlaw geçirler

Netanýahu şäriklik hökümetinde emele gelen krizis sebäpli irki saýlawyň geçirilmegi barada karar kabul etdi

136199
Ysraýylda irki saýlaw geçirler


Premýer ministr Benýamin Netanýahu şäriklik hökümetinde emele gelen krizis sebäpli irki saýlawyň geçirilmegi barada karar kabul etdi.
Saýlaw 2015-nji ýylyň mart aýynyň 17-de geçirler.
Hökümetiň alyp barýan syýasatlaryna garşy çykan Adalat ministri Tzipi Liwni bilen Maliýe ministri Ýai Lapidi wezipesinden boşadan Netanýahu “Hökümetiň utgaşykly ýagdaýda öz işini dowam etdirmegi üçin şeýle karar kabul etdim”diýdim.
Netanýahunyň beren beýanatyndan soň jemlenşen parlament saýlawyň 2015-nji ýylyň 17-nji martynda geçirilmegi barada karar kabul etdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar