Nebitiň satuwy we girdejiler meselesinde ylalaşyk gazanyldy

Yragyň milli bujediniň 17 göterimi Yragyň Kürt Awtanomiýasyna bölünip berler

134613
Nebitiň satuwy we girdejiler meselesinde ylalaşyk gazanyldy

Yragyň merkezi hökümeti bilen Kürt Awtanomiýasynyň arasynda nebitiň satuwy we girdejiler meselesinde ylalaşyk gazanyldy.
Baglaşylan şertnamanyň çäginde Kürt Awtanomiýasyna Kerkugyň nebitinden günde 300 müň barrel we Yragyň demirgazygyndaky beýleki sebitlerden 250 müň barrel bolmak bilen jemi 550 müň barrel nebit eksport etmek jogapkärçiligi berilýär.
Nebit Türkiýäniň üstü bilen eksport ediler.
Yragyň milli bujediniň 17 göterimi Yragyň Kürt Awtanomiýasyna bölünip berler.
Mundan başgada YSYS terror guramasyna garşy göreşýän kürt peşmergeler üçin Kürt Awtanomiýasyna 1 milliard dollar berler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar