Papanyň Türkiýe sapary hakyndaky habarlar metbugatda giň beýan tapdy

Papanyň saparynyň çäginde terrorçylyga garşy göreş üçin dinlerara dialogyň we medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň nygtalandygy bellenildi

209437
Papanyň Türkiýe sapary hakyndaky habarlar metbugatda giň beýan tapdy

Papa Fransisiň Türkiýe sapary bilen baglanşykly habarlar italiýan metbugatynda giň beýan tapdy
Köp tiražly “Repubblika” gazeti Papanyň saparynyň çäginde terrorçylyga garşy göreş üçin dinlerara dialogyň we medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň nygtalandygyny ýazdy.
Watikana ýakynlygy bilen tanalýan “Ayynire” gazeti Papanyň dinleriň azatlygyna ünsi çekendigini nygtady.
Gazet Papanyň YSYS terror guramasyna garşy diňe ýarag bilen göreşilip bilinmejekdigi hakyndaky sözlerine ýer berdi.
“Korriere della Sera” gazeti Papanň Siriýadaky içerki uruşdan gaçanlara gujak açan Türkiýä minnetdarlygyny bildirendigini ýazdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar