YSYS terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Yragyň Diýala welaýatynyň Jelewia we Sadiýe şäherçeleri halas edildi

203103
YSYS terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Yrakda we Siriýada YSYS terror guramasyna garşy göreş dowam edýär.
Yragyň ýaragly güýçleriniň we peşmergeleriň ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermeginde başladan operasiýasy netijesinde Yragyň Diýala welaýatynyň Jelewia we Sadiýe şäherçeleri halas edildi.
Sebitde bolan çaknyşyklarda 20 peşmergäniň ýogalandygy, 40-niň ýaralanandygy nygtaldy.
Strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän iki şäherçäniň yzyna alynmagy bilen YSYS terror guramasynyň Diýalada täsirini ýitirjekdigi nygtalýar.
Siriýada bolsa Kobanidäki çaknyşyklar dowam edýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar