Eýran bilen ýadro maksatnamasy boýunça gepleşikler dowam edýär

Eýran we BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bilen Germaniýanyň daşary işler ministrleri Wenada duşuşarlar

199619
Eýran bilen ýadro maksatnamasy boýunça gepleşikler dowam edýär

Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça gepleşikler geçirýän ýurtlar tarapyndan kesgitlenen soňky möhlet 24-nji noýabr.
Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond şol möhlete çenli ylalaşyk gazanylmagyndan umytly däldigini aýtdy.
Hammond gepleşiklerde giňgerimli ylalaşyk gazanylman halatynda ýadro gepleşikleri üçin kesgitlenen möhletiň uzaldylyp bilinjekdigini aýtdy.
Eýran ýadro maksatnamasy sebäpli goýulan sanksiýalaryň dolulygyna bes edilmegini, günbatar bolsa ýadro desgalarynyň gözegçilige açylmagyny isleýär.
Emma Eýran Parçin we Fordo ýaly käbir beketlerde gözegçilik işleriniň geçirilmegine rugsat bermeýär.
Resmi Tähran ýadro maksatnamasynyň parahatçylykly maksatlara eýedigini öňe sürýän bolsa, günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmäge synanşýandygyny öňe sürýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar