1 aýda müň adam YSYS terror guramasynyň hataryna goşuldy

Siriýa söweşmek üçin 80 ýurtdan 16 müň adamyň gelendigini öňe sürýär

176971
1 aýda müň adam YSYS terror guramasynyň hataryna goşuldy

1 aýda daşary ýurtly müň adam YSYS terror guramasynyň hataryna goşuldy.
Amerikanyň merkezi razwetka gullugyna ýakyn çeşmeler 1 aýda daşary ýurtly müň söweşijiniň YSYS terror guramasynyň hataryna goşulmak üçin Siriýa gelendigini habar berdi.
Şol çeşmeler soňky 10 ýylda hiçbir uruşda beýle köp adamyň birden haýsydyr bir guramanyň hataryna goşulmandygyna ünsi çekdi.
Amerikaly töwerekler Siriýa söweşmek üçin 80 ýurtdan 16 müň adamyň gelendigini öňe sürýär.
Şolaryň 2 müňiniň Ýewropalydygy, esasy böleginiň hem Ýakyn Gündogarly we Demirgazyk Afrikalydygy çak edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar