BMG-nyň Ysraýyla çagyryşy

BMG Ysraýyla “ýaşaýyş zolaklary baradaky meýilnamalary bes etmegi” üçin çagyryş berdi

174891
BMG-nyň Ysraýyla çagyryşy

BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi Palestinanyň İordaniýanyň arada durmagy arkaly bildiren talabyna laýyklykda jemlenşip, Ysraýylyň Gündogar İýerusalimde yglan täze bikanun ýaşaýyş zolagy baradaky meýilnamasyny seljerdi.
Maslahatda Baş sekretar Pan Gi Munyň adyndan çykyş eden BMG-nyň baş sekretarynyň syýasy işlerden jogapkär orunbasary Jeffri Feltman Pan Gi Munuň müň sany täze ýaşaýyş zolagynyň gurulmagy baradaky meýilnama sebäpli güýçli tagalla girişendigini belläp “Baş sekretar Pan Gi Mun Ysraýyldan halkara hukukgynyň düzgünlerini berjaý edip, täze ýaşaýyş zolagynyň gurulmagy baradaky meýilnamalaryny bes etmegini isleýär” diýdi.
Ysraýylyň sentýabr aýynda-da 2 müňden gowrak ýaşaýyş jaýyny gurmak barada karar kabul edendigini ýatladan Feltman “Eger şol meýilnamalar durmuşa geçiriläýse, Ysraýylyň Palestina bilen durnuklyk ylalaşyk gazanmak baradaky kepillendirmesine bolan çynlakaý şübheler hasam artar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar