Pan Gi Mun Howpsyzlyk geňeşinde çykyş etdi

“Gaza 1,2 milliard dollara we ýaňadandan dikeldilmegi üçin hem 2,4 milliard dollara mätäçlik duýulýar”

166992
Pan Gi Mun Howpsyzlyk geňeşinde çykyş etdi

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde çykyş etdi.
Pan Gi Mun BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen “Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalar we Palestina meselesi” temaly maslahatda eden çykyşynda Gaza guran sapary barasynda maglumat berdi.
Pan Gi Mun “Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin gyssagly 414 million dollara, gysga möhletde 1,2 milliard dollara we ýaňadandan dikeldilmegi üçin hem 2,4 milliard dollara mätäçlik duýulýar”diýdi.
Gazada 100 müňden gowrak adamyň öýsiz galandygyny, 50 müň adamyň mekdeplerde ýaşaýandygyny aýdan Pan Gi Mun, ilatyň esasy böleginiň elektrik togyndan we agyz suwyndan mahrumdygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar