Liwan siriýaly bosgunlary kabul edip bilmeýär

Liwanyň hökümeti serhediň ýapylmandygyny emma indi siriýaly bosgunlary kabul edip bilmejekdigini habar berdi

165653
Liwan siriýaly bosgunlary kabul edip bilmeýär

Liwan siriýaly bosgunlary kabul edip bilmejekdigini habar berdi.
Liwanyň hökümeti tarapyndan berlen beýanatda serhediň ýapylmandygy emma indi siriýaly bosgunlary kabul edip bilmejekdikleri nygtaldy.
BMG-na görä Liwanda 1 million 200 müňden gowrak siriýaly bosgun bar.
Emma resmi däl görkezijiler şol sanyň iki esse ýokardygyny görkezýär.
Liwanda siriýalylardan daşary 500 müň hem palestinaly bosgun bar.
Bosgunlaryň sanynyň ýokarlamagynyň dürli etniki we dini toparlardan ybarat Liwanyň gurluşyna howp saljakdygy barasynda duýduryş berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar