Owganystanda Jundullah terror guramasynyň lideri öldürildi

Jundullah guramasynyň lideri Mullah Şemsuddiniň öldürlendigi habar berildi

162082
Owganystanda Jundullah terror guramasynyň lideri öldürildi

Owganystanda Jundullah terror guramasynyň lideri öldürildi.
Owganystanyň demirgazygynda guralan howa hüjüminde Jundullah guramasynyň lideri Mullah Şemsuddiniň öldürlendigi habar berildi.
Owganystanyň merkezi razwetka gullugynyň metbugat geňeşçisi Hasib Syddyki hüjümde Mullah Şemsuddin bilen birlikde guramanyň serkerdelerinden Hafyz Asadyň hem öli ýagdaýda ele salynandygyny habar berdi.
Syddyki guramanyň esasan hem ýurduň demirgazygynda terrorçylykly hüjümler guraýandygyny aýtdy.
İçeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Halil Asir hem Mullah Şemsuddiniň öldürilmegi bilen gurama “agyr zarba” urlandygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar