Ukrainanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň möhüm duşuşygy

Wladimir Putin we Petr Poroşenko Ukrainanyň gündogarynda hüjümleriň bes edilmegi we tebigy gaz meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin İtaliýanyň Milan şäherinde duşuşdy

160373
Ukrainanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň möhüm duşuşygy

Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Milana baran iki lideriň ertirlik naharyndaky duşuşygyna ÝB-niň liderleri hem gatnaşýar.
Wladimir Putin düýn gije bolsa Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşdy.
Liderleriň Ukrainanyň gündogaryndaky hüjümleriň bes edilmegi barasynda pikir alyşandyklary we energetika meselesine garandyklary habar berildi.
Duşuşykdan soň Kremlden berilen beýanatda Ukrainadaky wakalar boýunça düşnüşmezligiň dowam edýändigi nygtaldy.
Günbatar ýurtlary Krymy özüne birikdiren Russiýa, Ukrainanyň gündogaryndaky rus tarapdarlaryny goldaýandygy sebäpli sanksiýa goýdy.
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky tebigy gaz meselesindäki düşnüşmezlik, gazyň bir böleginiň Ukrainanyň üstaşyr Russiýadan alýan ÝB-ne agza ýurtlary ýakyndan gyzyklandyrýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar