Obamanyň Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

158974
Obamanyň Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

İki lider oktýabr aýynyň 16-17-si aralygynda Milanda geçiriljek Aziýa-Ýewropa maslahatynda Russiýa bilen Ukrainanyň gündogaryndaky serhedinde gözegçilik mehanizminiň döredilmegini hem öz içine alýan ýaraşyk meýilnamasynyň ähli şertleriniň berjaý edilmegi üçin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine basyş emele getirmek üçin ýerlikli pursadyň emele gelendigi barasynda ylalaşdy.
Obama we Poroşenko energetika howpsyzlygy, syýasy we ykdysady özgertmeler bilen birlikde halkara maliýe guramalary hem-de özara hyzmatdaşlar bilen Ukrainanyň ykdysadyýetine goşulup bilinjek goşantlar barasynda-da pikir alyşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar